4-nji iýunda ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp 12 ýurduň raýatlaryna Birleşen Ştatlara girmegini gadagan edýän, şeýle-de ýedi ýurduň, şol sanda Türkmenistanyň hem raýatlaryna bölekleýin çäklendirmeleri ornaşdyrýan proklamasiýa gol çekdi. Tramp muny ýurdy “daşary ýurtly terrorçylardan goramak” we howpsuzlyk wehimleri bilen düşündirdi.
Gadagançylyga düşen ýurtlar: Owganystan, Mýanma, Çad, Kongo, Ekwatorial Gwineýa, Eritreýa, Gaýiti, Eýran, Liwiýa, Somaliýa, Sudan we Ýemen.
Şol bir wagtda, Türkmenistanyň, Burundiniň, Kubanyň, Laosyň, Sierra Leoneniň, Togonyň we Wenesuelanyň raýatlaryna bolsa Birleşen Ştatlara girmegine bölekleýin çäklendirme girizildi. Bu ýurtlardan bolan raýatlaryň Birleşen Ştatlara hemişelik, turist ýa-da student wizasy bilen gelip bilmejekdigi nygtalýar. Bellesek, bu gadagançylyk sanawyna Merkezi Aziýa döwletleriniň arasyndan diňe Türkmenistan goşuldy.
“Biz ýurdumyza ýamanlyk isleýän adamlaryň girmegine rugsat bermeris” diýip, Tramp sosial mediada çykyş etdi, we sanawa täzeden garalyp bilinjekdigini, şeýle-de oňa başga ýurtlary hem goşmak ähtimallygynyň saklanyp galýandygyny aýtdy.
Proklamasiýa 9-njy iýunda güýje girer. Maglumata görä, mundan öň berlen wizalar ýatyrylmaz.
Bu çäklendirmeleriň Birleşen Ştatlarda kanuny esasda hemişelik ýaşaýyş rugsadyny almaga mümkinçilik berýän Green Card bijeleriniň soňky ýeňijilerine anyk nähili täsir ýetirjekdigi doly anyk däl. Bellesek, şu ýyl Türkmenistandan 2 müň 10 adamyň kart utandygy habar berildi.
Azatlyk Radiosy ABŞ-nyň wiza meseleleri boýunça hünärmeni bilen söhbetdeş bolanda, ol soňky çäklendirmeleriň migrasiýa maksatly wizalar üçin täsir ýetirmegine garaşmaýandygyny çaklady.