Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Türkmenistan” awiakompaniýasy ýene-de Moskwa ugry boýunça gatnawlaryny togtadýar


Moskwa ugry boýunça uçar gatnawlarynyň gaýtadan togtadylmagy barada resmi düşündiriş berilmeýär.
Moskwa ugry boýunça uçar gatnawlarynyň gaýtadan togtadylmagy barada resmi düşündiriş berilmeýär.

“Türkmenistan” awiakompaniýasy şu ýylyň 1-nji iýunyndan başlap Aşgabat-Moskwa-Aşgabat ugry boýunça gatnawlaryny togtadýar. Bu barada kompaniýa 29-njy maýda özüniň Telegram hasabynda mälim etdi.

Ýatlatsak, Türkmenistanyň milli awia daşaýjysy tas dört aýlyk arakesmeden soň, Aşgabat-Moskwa-Aşgabat ugry boýunça gatnawlaryny maý aýynda täzeden dikeldipdi.

Bir aýdan soňra, bu ugur boýunça uçar gatnawlarynyň gaýtadan togtadylmagy barada, ozalky çäklendirmeler-de hem bolşy ýaly, düşündiriş berilmeýär. Emma bu Russiýanyň paýtagtyna ýygjamlaşan dron hüjümlerine gabat gelýär. Moskwa ugry boýunça reýsleriň haçan täzeden dikeldiljekdigi aýdyňlaşdyrylmaýar.

Resmi maglumata görä, Moskwa ugry boýunça ugurlaryň öwezine, Aşgabat-Kazan-Aşgabat reýsleriniň sany artdyrylar.

“Türkmenistan” awiakompaniýasy soňky sapar, 2024-nji ýylyň 30-njy dekabrynda Aşgabat bilen Moskwanyň arasyndaky uçuşlaryny wagtlaýyn togtadypdy we bu karary maý aýyna çenli, her aýda uzaldypdy.

Şol pursat, gatnawlaryň togtadylmagynyň sebäbi resmi taýdan görkezilmese-de, 25-nji dekabrda Azerbaýjan howaýollary kompaniýasynyň Russiýa barýan uçarynyň Gazagystanyň Aktau şäherinde howa heläkçiligine uçramagynyň yz ýany, birnäçe halkara awiakompaniýalary Russiýanyň şäherlerine edýän gatnawlaryny ýatyrypdy.

XS
SM
MD
LG