Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tramp Ukrainadaky urşuň dowam etmegini Putiniň we Zelenskiniň arasyndaky duşmançylyk bilen baglanyşdyrdy


ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp
ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Ukrainadaky urşy bes etmegiň kyn bolandygyny, munuň sebäbini hem iki ýurduň arasyndaky “uly duşmançylyk”, şeýle-de Russiýanyň hem-de Ukrainanyň prezidentleri Wladimir Putiniň we Wladimir Zelenskiniň arasyndaky “ýigrenç” bilen düşündirdi.

Ol urşy iki çaganyň seýilgähdäki ýakalaşmagy bilen deňeşdirip, “käwagt olara birneme uruşmaga mümkinçilik bermek has gowudyr” diýip belledi. Onuň Germaniýanyň kansleri Fridrih Mers bilen bilelikde geçiren metbugat ýygnagyndaky çykyşyndan sitatalary Associated Press getirýär.

Tramp parahatçylyga tiz wagtda ýetmegiň mümkinçiligine şübhe bilen garaýandygyny aýtdy we ukrain dronlarynyň Russiýanyň harby aerodromlaryna eden giň gerimli hüjümleri bilen baglylykda, prezident Wladimir Putini jogap bermekden saklanmaga çagyrandygyny mälim etdi.

Öz gezeginde, Mers Ýewropa ýurtlarynyň we ABŞ-nyň Ukrainadaky urşy soňlamak üçin hyzmatdaşlygynyň zerurdygyny aýtdy. Şeýle-de, ol Ukrainanyň Russiýadan tapawutlylykda raýat desgalaryna zarba urmaýandygyny nygtady.

XS
SM
MD
LG