Russiýa Ukraina gepleşikleriň ikinji tapgyryny geçirmek üçin 2-nji iýunda Stambulda duşuşmagy teklip etdi. Bu barada Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrowyň beýanatynda aýdylýar.
Onuň sözlerine görä, Russiýa tarapynyň Ukrainadaky urşy bes etmek boýunça memorandumy taýýarlanyldy we ony prezident Wladimir Putiniň kömekçisi Wladimir Medinskiý hödürlär. Iki ýurduň delegasiýalarynyň geçen duşuşygynda, taraplaryň ok atyşygy bes etmek boýunça öz pozisiýalaryny beýan edýän resminamalary taýýarlamagy ylalaşylypdy.
Ukrainanyň goranmak ministri Rustem Umerow özüniň Russiýanyň delegasiýasyna ukrain tarapynyň pozisiýasyny öz içine alýan resminamany gowşurandygyny, indi bolsa Moskwadan degişli dokumente garaşylýandygyny aýtdy.
Onuň aýtmagyna görä, Russiýa parahatçylyk şertnamasynyň memorandumyny uruş ýesirleriniň alyş-çalşygy tamamlanandan soňra tabşyrmagy wada beripdi. Bu çalşyk boýunça soňky tapgyr 25-nji maýda geçirildi.
Umerow şeýle-de, Russiýany parahatçylyk gepleşiklerini bökdemekde aýyplady.