Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Reuters: Ukrainanyň “Kerep” operasiýasynda Russiýa 20 uçaryny ýitirdi


1-nji iýunda Russiýanyň birnäçe sebitinde ençeme bombalaýjy uçary ýok etmek boýunça pilotsyz uçar hüjümleri amala aşyryldy.
1-nji iýunda Russiýanyň birnäçe sebitinde ençeme bombalaýjy uçary ýok etmek boýunça pilotsyz uçar hüjümleri amala aşyryldy.

ABŞ-nyň aňtaw gullugynyň maglumatlaryna görä, Ukrainanyň 1-nji iýunda Russiýanyň harby howa bazalaryna garşy amala aşyran howa zarbalarynda 20 sany rus uçary hatardan çykdy. Bu barada Reuters agentligi amerikan resmilerine salgylanyp habar berýär.

Takmynan 10 sany uçaryň doly ýok edilendigi, galanlaryna bolsa zeper ýetendigi aýdylýar. Bu san Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenskiniň öňe süreninden düýpli azdyr. Zelenski hüjüm netijesinde 41 sany harby uçara zeper ýetirilendigini, olaryň ýarysynyň dikeltmäge ýarawsyzdygyny aýdypdy. Muňa garamazdan, Reuters-iň çeşmeleri operasiýanyň möhüm ähmiýetiniň bardygyny belleýärler. Çeşmeleriň biri, Russiýanyň mundan soň ok atyşyklary bes etmek boýunça gepleşiklerde has berk pozisiýany eýeläp biljekdigini çaklady.

Amerikan resmileri Birleşen Ştatlaryň Ukraina tarapyndan amala aşyrylan zarbalar barada öňünden hiç hili habarly edilmändigini nygtaýarlar. ABŞ-nyň prezidentiniň Ukraina boýunça ýörite wekili Kit Kellog 3-nji iýunda beren telewizion interwýusynda, “Kerep” operasiýasynyň konfliktiň möwjemegine abanýan howpy ep-esli ýokarlandyrandygyny, muňa Ukrainanyň Russiýanyň “ýadro triadasynyň” esasyny nyşana almagynyň sebäp bolandygyny belledi.

XS
SM
MD
LG