Türkmenistanyň Özbegistan bilen serehedinde ýaşaýan raýatlar Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşliginde goňşy döwletde ýaşaýan garyndaşlarynyň, wiza almakdaky kynçylyklar sebäpli, ýurda gelip bilmeýändiklerini aýdýarlar.
Azatlyk Radiosy bu ýagdaýlaryň türkmen-özbek serhediniň Özbegistan tarapyndaky adamlara ýetirýän täsirini öwrenmek üçin, düýbi Horezmde ýerleşýän adam hukuklary boýunça “Najot”, ýagny “Başyňy çaramak” guramasynyň wekili bilen söhbetdeş boldy. Bu guramanyň özüniň efirde atlandyrylmazlygyny soran wekili dürli çäklendirmeler sebäpli serhediň iki tarapyndaky adamlaryň-da kösenýändiklerini gürrüň berdi.
Azatlyk Radiosy: Türkmen-özbek serhediniň Türkmenistan tarapynda ýaşaýan adamlar özleriniň Özbegistandaky garyndaşlarynyň ýurda gelip-gitmekde kynçylyk çekýändigini aýdýarlar. Siz bu barada dolurak maglumat beräýseňiz?
"Najot": Türkmen-özbek serhediniň iki tarapynda hem köp sanly garyndaşlar ýaşaýarlar. Olar iki ýurduň serhetleri sebäpli biri-birinden jyda düşdüler.
Durmuşda her dürli: toý ýaly şatlykly hem-de ýas ýaly gynançly wakalar bolýar. Emma iki ýurduň ýöredýän syýasaty sebäpli, serhetdäki adamlar öz garyndaşlarynyň ýanyna baryp, şatlygyna şatlanyp, gynanjyna gynanyp bilmeýärler.
Özbek raýatlarynyň türkmen wizasyny almagy tas mümkin däl diýen derejedäki kyn işdigini aýtmaly. Aglaba etniki türkmenleriň ýaşaýan Horezm, Garagalpagystan sebitleriniň ýaşaýjylary türkmen wizasyny almak üçin tä Daşkende çenli ýüzlerçe kilometr ýol sökmeli bolýarlar.
Türkmen wekilhanasyna ýüz tutanyň bilenem saňa “me, al” diýip, eliňe taýyn wizany tutdurýan ýok. Iň azyndan 2-3, hatda 6 aý hem garaşmaly bolýar.
Diýeli, bagtyň çüwüp, wizany alyp bildiň. Emma munuň bilen “başdangeçirmeleriň” gutaryberenok. Serhet geçelgelerinde hem her dürli býurokratiki kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýarsyň.
Azatlyk Radiosy: Ol nähili kynçylyklar?
"Najot": Garyndaşlyk bagy bolan adamlar – “elim boş barmaýyn” diýip, – ýanlary bilen her dürli sowgatlary hem alýarlar. Adamlaryň sowgatlyk diýip alyp barýan zatlarynyň arasynda bikanun zat ýok bolsa-da, gümrük işgärleri olaryň ellerindäkileri gaňryp alýarlar.
Mundan başga-da, adamlaryň serhet geçelgesinde üç günläp dagy saklanýan gezekleri bolýar. Mesele üstüne mesele. Adamlar “biziň wizamyzyň özi bir 10 günlük, onuň hem üç gününi serhetde garaşyp geçirmeli bolýarys” diýip zeýrenýärler.
Azatlyk Radiosy: Näme sebäpden olar serhetde garaşmaly bolýarlar? Şeýle-de bu ýagdaý haýsy ýurduň serhet geçelgesinde bolýar?
"Najot": Olar hem özbek hem-de türkmen serhet geçelgelerinde garaşmaly bolýarlar. Adamlar, adatça, serhet geçelgesi açylýança garaşmaly bolýarlar. Ýöne her dürli ýagdaýlar ýüze çykyp bilýär. Olaryň [gümrükçileriň] bahanasy gytmy?!
Men muny adamlaryň [saparyny] gijikdirmek üçin ulanylýan “býurokratiki emeller” diýip atlandyrýaryn. Adamynyň elinde wizasy bolsa-da, ähli dokumentleri düzüw bolsa-da, bir bahana tapyp, ony serhetde saklaýarlar.
Türkmenistandan bize gelýän myhmanlaryň hem görýän görgüsi az däl. Ýerli polisiýa “barlajak” diýen bahana bilen üç günläp olary gününe goýanok.
Azatlyk Radiosy: Bu barlaglar näme bilen bagly?
"Najot": Näme, olar [polisiýa işgärleri] mydama-da rast-da. Polisiýa saňa nähilidir bir düşündiriş berjek bolup öz janyna agram salyp duranok. “Häzirki ýagdaý şeýle, möhüm hasaplasak, barlaýarys” diýen düşündiriş bilen çäklenäýärler.
Azatlyk Radiosy: Gürrüň beren ýagdaýlaryňyz barada serhetýakada ýaşaýan adamlar näme diýýärler?
"Najot": Bir söz bilen aýdylanda, olaryň ýagdaýy juda kyn. Adamlar bu barada arz etseler-de, emeldarlar olaryň sözlerine gulak gabardanoklar. Düşüniň, ýönekeý adamlar diýseň kösenýärler.